Jemgyýetçilik guramalarynda

31 Mart 2021
1348

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda, jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Watanymyzyň geljegi ýaşlara bagly!» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynyň ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň işgärleri, ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemek, arassa, halal zähmet çekmek, ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip terbiýelemek bilen bir hatarda olaryň berk bedenli bolup ýetişmegini, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky düşünjelerini artdyrmak we ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ýaş nesliň köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmegi bilen baglanyşykly täsirli çykyşlara giň orun berildi.