Dolandyryjy partiýa ýeňiş gazandy
2016-njy ýyldan bäri häkimiýet başyndaky Mongol halk partiýasy 28-nji iýunda ýurduň Beýik Huralyna (parlamentine) geçirilen saýlawlarda ýene-de sesleriň köpüsine eýe boldy. Bu barada umumy saýlaw toparynyň maglumat merkezi habar berdi. Parlament saýlawlarynyň netijeleri sekiz ýyl bäri häkimiýetdäki Halk partiýasynyň 500 müň 123 ses alandygyny görkezdi. Ikinji orunda 429 müň 456 sese eýe bolan esasy Demokratik partiýa gelýär. Zähmet milli partiýasy 146 müň 665 ses bilen üçünji orny eýeledi. Şeýlelik bilen, bu üç partiýa mažoritar ulgam boýunça parlamentiň täze çagyryşynda 78 orun alar. Ilki bilen Halk partiýasy 50, Demokratlar 26, Zähmet partiýasy iki orun alar.