Gün şöhlesi dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi wajyp ähmiýete eýedir. Olar az mukdarda adam bedenine, esasan hem, çagalar üçin has zerurdyr. Başgaça aýdylanda, olar adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Her bir adam çagalykdan başlap, Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar. Gün şöhlesiniň uzak wagtlap adamyň endamyna täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Gün uran adamda ilkibaşda ýadawlyk, ysgynsyzlyk, kellagyry, başaýlanma, aýaklarynda we arkasynda agyry emele gelýär. Soňra gulagynyň şaňlamagy, deminiň gysmagy, ýüreginiň çalt urmagy mümkin.
Gün urmadan