Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Milli mejlisi ýatyryp, kanun çykaryjy edara möhletinden öňki saýlawlary 1-nji sentýabra belledi. Degişli karar Prezidentiň saýtynda mälim edildi.
«Azerbaýjan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 98.1-nji maddasynyň birinji bölümine we 109-njy maddasynyň 1-nji bölümine esaslanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň altynjy çagyrylyşyny ýatyrmak barada karar kabul etdim. 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisine nobatdan daşary saýlawlary geçirmegi meýilleşdirmeli» diýlip, resminamada bellenilýär.