Kosmos syýahatçylygyny amala aşyrýan «Space Perspective» kompaniýasy ýolagçylary kosmosa çykarjak howa şarynyň ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy. Ýolagçylar kosmos giňişligine çykyp, Ýeriň togalakdygyny öz gözi bilen görüp bilerler. Bir gezeklik petegiň bahasynyň 125 müň dollar boljakdygy mälim edildi. Kosmos şary 8 orunlyk bolup, ýylyň ahyrynda ýolagçylary asman giňişligine gatnadyp başlar. Kompaniýa maşgala agzalaryň, dostlaryň, işdeşleriň bilen naharlanmak ýa-da ýygnak geçirmek üçin asman giňişligine gitmegi maslahat berýär. Kosmos şarynda Wi-Fi hyzmaty hem bolar. Şar kosmosyň çägine çenli baryp, atmosferanyň 29 kilometr ýokarsynda durar. Syýahat 6 sagat dowam eder. «Space Perspective» kosmosa bir gezekde äkidilen ýolagçy sany babatda hem rekord goýmagy meýilleşdir.
Ogulşat SÜLEÝMANGULYÝEWA,