Şu gün Eýranda möhletinden öň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilip, onuň netijesinde iki dalaşgäriň biri Prezident saýlanar. 28-nji iýunda geçirilen birinji tapgyrda dalaşgärleriň hiç biri-de ýeňiş gazanmak üçin zerur sesi alyp bilmedi. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda reformaçy Masud Pezeşkiýan we konserwator Said Jalili sesler doly sanalandan soň ikinji tapgyra çykdylar.
Masud Pezeşkiýan Mejlisiň agzasy, belli bir döwürde Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ministri bolup işledi.