HABARLAR

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Geljegi aýdyň ulgam Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylymyz döwrümiziň ösüşlerine mynasyp at bilen atlandyrylýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, bu ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, biziň bagtyýar Watanymyzyň at-abraýynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny açyp görkezýär.

Ýürekden bir sözüm bar

Zenan buýsanjy Hormatly Prezidentimiz zenanlara uly sarpa goýýar. Milli Liderimiz syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda zenanlaryň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýändiklerini, ýurdumyzyň ösüşinde uly goşantlarynyň bardygyny aýratyn belläp geçdi. Türkmen halky taryhda-da, häzirki günümizde-de enelere uly sarpa goýýar. Eneler barada aýdanyňda, ähli ynsan ene bilen özüni bagtly saýyp, enäniň ýyly mähriniň özüne berýän şatlykly günlerine guwanýar.

Gök montýorly gürrüňlerden

Bir jüýjejik soý-da... Ir döwürde Baýramaly — Ýolöten aralygyna gatnaýan awtobusda gelýärkä Gök montýor bir gürrüňiň şaýady bolupdyr. Gepiň keltesi, bir ýigit öz agasynyň ýaramaýandygyny, görkezmedik lukmanynyň, tebibiniň galmandygyny, emma hiç bäri bakybermeýändigini, indem nä alaç etjegini bilmeýändigini aýdyp, gaty zeýrenipdir. Bir hepde bäri agasynyň hasam ruhdan düşüp, çaý-nahar bilenem seriniň ýokdugyny gürrüň beripdir.

Asudalygyň goragynda

Degerli işler Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işler üstümizdäki —— Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär. Şeýle ösüş-özgerişli döwrümizde il-günümiziň rahat durmuşyny üpjün etmek uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi asuda ýaşaýyş halkymyzyň eşretli günlerde ýaşap, döredijilikli zähmet çekmegine mümkinçilik berýär.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Hadysasyz ýollar — maşgalamyzyň abadançylygy Hadysasyz ýollar — maşgalamyzyň abadançylygy

Welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi

1. Mary şäheriniň A. Nyýazow köçesiniň ugrundaky 29, 31, 33, 37, 39, 41, 43, 45, 47, 51, 53, 55, 57, 59, 61, 63-nji jaýlaryň aralygyndaky (d-200, 160, 110, 63 mm) suw geçiriji ulgamlarynyň durkuny täzelemek; 2. Mary şäheriniň Suwhanow köçesinde suw geçirijisini gurmak;

Ýurt garşy alsyn!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl turuwbaşdan şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda garşy alýan her günümiz buýsançly wakalardan doly. Mary şäheriniň Nury Halmämmedow adyndaky köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly, 24 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň 16-njy ýanwarda geçirilen açylyş dabarasy hem şeýle buýsançly wakalaryň biri boldy. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýyny Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda, uzak möhletleýin berilýän karz puluň hasabyna, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Täze jaýyň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarany welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen bezediler. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda has gowy zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaý ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe harby gullukçylara ajaýyp sowgat boldy.

Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi gurady. Oňa dürli kärde zähmet çekýän işeňňir zenanlar gatnaşdy. «Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, gadam basylan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen gutlady hem-de ýylyň şygary astynda geçiriljek çäreleriň ähmiýeti, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň öňünde durýan wezipeler barada täsirli gürrüň etdi. Onuň belleýşi ýaly, ýaşlary ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gönükdirilen işleriň yzygiderli häsiýetde alnyp barylmagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň mynasyp orny bardyr. Şoňa görä-de, şanly ýylymyzda ýerlerde gelin-gyzlaryň arasynda baý many-mazmunly çäreleri, şol

Akyl — paýhas hazynasy

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň düýp özenini, terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek, olarda halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine buýsanjy artdyrmak, watançylyk duýgusyny ösdürmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilelikde gurady. Oňa dürli kärdäki we hünärdäki zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjy zenanlar gezekli gezegine degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dikeltmek, nesillerde milli gymmatlyklara, asyrlaryň dowamynda ähmiýetini ýitirmän gelýän asylly ýörelgelerine bolan buýsanjy artdyrmak, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatdaky tagallalary hakynda söhbet açan bagtyýar zenanlar döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleri okadylar, ondaky rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezdiler, bu gymmatly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini goşgudyr gazallaryň üsti bilen beýan etdiler.

Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir

Ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan elektrik geçiriji simler ähli talaplara gabat gelmelidir, ýagny olaryň ýogynlygy, daşky örtügi, gurnalyş hem-de ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlardan goraýjylary talaba laýyk edilip gurnalmalydyr. Simler bildirilýän talapdan inçe bolsa ýa-da şol simlere bir wagtyň özünde birnäçe elektrik enjamlary çatylsa, şeýle ýagdaý elektrik geçiriji simleriň geçirijilik ukybyndan has artykmaç togy geçirmegine getirýär we olaryň çakdanaşa gyzmagyna, daşky örtüginiň gurap ýanmagyna ýa-da gurap, jaýryk atyp, öz goraýjylyk ukybyny ýitirmegine getirýär. Bu bolsa gysga utgaşmanyň ýüze çykyp, ýangyn döremegine sebäp bolup bilýär. Elektrik geçiriji simleriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen gurap gataýar we öz goraýjylyk ukybyny ýitirýär. Şonuň üçin olaryň daşky örtügini barlap durmalydyr we bardy- -geldi, simleriň açyk ýeri ýüze çykarylsa, derrew örtgi bilen berk saramalydyr.