Taryhy wakanyň ýaňy

15 Ýanwar 2021
1339

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy toýlanyljak täze — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen dabarada täze desganyň — Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň açylyşyna ak pata berdi. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu ulgam sebitde aragatnaşyk ulgamynyň hil taýdan kämil derejelere çykarylyşyna giň mümkinçilikleri açar.

Şu dabaraly waka mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň başlyklary, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew giňişleýin çykyş edip, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler barada durup geçdi. Ýap-ýaňy tamamlanan dabaraly çärede milli Liderimiziň Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ulanylmaga berilmegine ak pata berendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde, innowasiýalaryň, kämil tehnologiýalaryň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.