Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir

16 Ýanwar 2021
1484

Ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan elektrik geçiriji simler ähli talaplara gabat gelmelidir, ýagny olaryň ýogynlygy, daşky örtügi, gurnalyş hem-de ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlardan goraýjylary talaba laýyk edilip gurnalmalydyr. Simler bildirilýän talapdan inçe bolsa ýa-da şol simlere bir wagtyň özünde birnäçe elektrik enjamlary çatylsa, şeýle ýagdaý elektrik geçiriji simleriň geçirijilik ukybyndan has artykmaç togy geçirmegine getirýär we olaryň çakdanaşa gyzmagyna, daşky örtüginiň gurap ýanmagyna ýa-da gurap, jaýryk atyp, öz goraýjylyk ukybyny ýitirmegine getirýär. Bu bolsa gysga utgaşmanyň ýüze çykyp, ýangyn döremegine sebäp bolup bilýär.

Elektrik geçiriji simleriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen gurap gataýar we öz goraýjylyk ukybyny ýitirýär. Şonuň üçin olaryň daşky örtügini barlap durmalydyr we bardy- -geldi, simleriň açyk ýeri ýüze çykarylsa, derrew örtgi bilen berk saramalydyr.

Ýazgeldi GARAGELDIÝEW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 2-nji ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň 366-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň kapitany.