Adalat ynsanperwerlik ýörelgelerinde rowaçlanýar

14 Ýanwar 2021
1485

(Dowamy. Başlangyjy gazetimiziň 2020-nji ýylyň 52-nji sanynda).

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda: «Men adam öz Watanyny beýgeldip we hormatlap, ynsanlyk mertebesini ýokary tutsa, parahatçylygy we dostlugy wasp edip, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrsa, ine, şol kämillige ýetmegiň ýoly diýip hasaplaýaryn» diýipdi. Durmuş mekdebiniň sapaklaryny doly hem dogry özleşdiren adamlaryň pikirleri, ýörelgeleri, gazanan durmuş tejribeleri arkaly gelen netijeleri birmeňzeş bolýan eken. Ine, Türkmenistanyň Mejlisiniň bilermen-maslahat beriş bölüminiň hukuk meseleleri boýunça bilermen-maslahat berijisi, halypa hukukçy Halykberdi Ataýew hem: «Kämillige ýetmek üçin, ilkinji nobatda, ynsanperwer, hoşniýetli, dostana bolmaly. Şu sypatlar hakyky duýgulara beslenip ýüze çykanda, ynsan gözel hem ynamdar bolýar. Adam ynsanperwer bolanda, hakyky watanperwer bolýandyr. Diňe watanperwerligiň bilen kämillige ýetip bolar. Watanperwerlik ynsana güýç berýär» diýdi.

Söhbetdeş bolan : Laçyn PÜRJÄÝEWA,
«Adalat».