Ýürekden bir sözüm bar

18 Ýanwar 2021
1113

Zenan buýsanjy

Hormatly Prezidentimiz zenanlara uly sarpa goýýar. Milli Liderimiz syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda zenanlaryň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýändiklerini, ýurdumyzyň ösüşinde uly goşantlarynyň bardygyny aýratyn belläp geçdi. Türkmen halky taryhda-da, häzirki günümizde-de enelere uly sarpa goýýar. Eneler barada aýdanyňda, ähli ynsan ene bilen özüni bagtly saýyp, enäniň ýyly mähriniň özüne berýän şatlykly günlerine guwanýar.