HABARLAR

Baky bagtyň ak şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri günsaýyn gözelleşýär, täze keşbe eýe bolýar. Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek barada yzygiderli alada edip, ýörite iş maslahatlaryny geçirýär, paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi we onuň her ýylyň 25-nji maýynda umumymilli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň ýüregi eziz paýtagtymyz Aşgabady «Gündogaryň merjen şäheri» diýip atlandyrýarlar. Baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalaryň birnäçesiniň, ýagny nesilbaşymyz Oguz hanyň we onuň alty oglunyň heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumynyň, beýikligi 133 metre deň bolan dünýäde iň uly baýdak sütüniniň, Oguz hanyň ýyldyzy şekillendirilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Aşgabat Halkara howa menziliniň özboluşly binagärligi bilen, paýtagtymyzyň ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi aýratyn buýsandyryjy wakalara öwrüldi.

Halkyň buýsanjy Arkadag!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň uly ähmiýetli wakalarynyň biri — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilip, ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Berkarar Watanymyzyň demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen öňe barýandygyny, hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny alamatlandyran bu syýasy çäre döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn taryhy waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy tutuş jemgyýetimiz üçin buýsanja öwrülen waka bolup, halkymyz bilen milli Liderimiziň baky bitewüliginiň durmuş hakykatyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününden başlap «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar!» diýip, maksatly tutumlaryna badalga berdi. Gysga döwrüň içinde halkyň ýaşaýyş-durmuşynda, döwletiň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler söz bilen hereketiň mizemez sazlaşykly häsiýetde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa bagtyýarlyk döwrüniň bagtly pursatlaryny başdan geçirýän mähriban halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň töweregine has berk jebisleşip, ösüşiň t

Sahawatlylygyň belent nusgasy

Zandy halal türkmen halky kömege mätäç adama goldaw bermek, ejize hemaýat etmek ýaly haýyrly-sahawatly işleriň hemişe tarapdary bolupdyr. Taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan bu milli ýörelgeler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi bagtyýar halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Bu gazna hormatly Prezidentimiziň adynyň dakylmagynda hem çuň many bar. Mähriban Arkadagymyz täze döredilen haýyr-sahawat gaznasyna öz gazanjyndan ilkinji bolup serişde goýmagy sahawatsöýer halkymyzda uly seslenme döretdi. Bu hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriniň bagtyýar raýatlarymyzyň uly goldawyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu gazna serişde geçirmek isleýän öz ildeşlerimiz, şonuň ýaly-da daşary ýurtly raýatlar üçin hem açyk bolar. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adamlara ynsanperwerligi, haýyr-sahawaty ündeýän şygyr setirlerinden mysal getirmegi bu asylly ýörelgeleriň halkymyzyň durmuş tejribesinden, milli özboluşlylygyndan, asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak we

Bilimli nesil – kuwwatly Watan

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine hem jogapkärli çemeleşilmelidigini belleýär. Bu ugurda ýurdumyzda görnetin öňegidişlikler gazanylýar.

Dabaralar, bäsleşikler, çäreler

NESILLERIŇ BAGTYÝARLYK NAGMASY Golaýda welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky welaýat çagalar sungat mekdepleriniň ansambl toparlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etraplardaky we Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdeplerinden saýlanan toparlar gatnaşdylar. Milli medeniýetimizi, saz sungatymyzy ösdürmekde öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, şeýle hem saz toparlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sazandalaryň topar bolup ýerine ýetirijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan, kirişli saz gurallary, tans toparlarynyň çykyşlary ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dutar, gyjak, plektrli dutar, akkordeon, fleýta we beýleki saz gurallarynda halk sazlary we mukamçy kompozitorlaryň ajaýyp saz eserleri ýaňlandy. Bagşylar topary halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary emin agzalarynda uly täsir galdyrdy.

Abadanlyk özümize bagly

Ähli ulgamlar babatda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş derejesi gün geldigiçe ýokarlanýar. Munuň özi adamlaryň maşgala durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir maşgala döwlet tarapyndan edilýän goldawy doly duýup ýaşaýar. Adamlaryň durmuş taýdan üpjünçiligi, saglygy we beýleki möhüm zerurlyklary barada şeýle aladalaryň edilmegi, maşgalalaryň has-da berkemegine, agzybirligine, rysgal-berekediniň artmagyna, baýamagyna getirýär. Elbetde, rysgalynyň artyp, eliniň uzadan ýerine ýetmegi esasynda ýurdumyzda her maşgalanyň diýen ýaly döwrebap, dürli görnüşli awtoulag edinmegine doly mümkinçilik döredýär. Ýöne durmuşda her bir zada üns bilen çemeleşilmelidigi ýaly, ulag dolandyrmak hem örän jogapkärli iş bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, wagtal-wagtal biziň agzybir, abadan, asuda maşgala durmuşymyza, biziň özümize maddy, fiziki, ahlak taýdan zyýan berip biläýjek ýol-ulag hadysalaryndan seresap bolmalydygy hakynda-da ýatlap geçmek zerurdyr. Şeýlelikde, ýol-ulag hadysalarynyň adama ýetirýän zyýanlary üç görnüşe bölünýär:

Döredijilikli zähmete goşandymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary belent sepgitler, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Arkadag Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda-da halk hojalygymyzyň ähli ugurlarynda gowy netijeler gazanylýar. Bu hakykata ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda gazanylýan ýokary netijelerdenem göz ýetirmek bolýar. Şeýle üstünligiň zähmet adamsy hakynda edilýän yzygiderli aladanyň miwesidiginem ýatlamak ýakymlydyr. Şonuň üçinem şanly ýylymyzda-da ulaglar müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan uly tagallalar edilýär. Şol tagallalaram gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtda biz işgärleriň zähmetini goramagyň meselelerine hem uly üns berip, bu baradaky talaplaryň berk berjaý edilmegi ugrunda ýadawsyz aladalanýarys. Ulaglar müdirligimizde tehniki howpsuzlygyň, hereket howpsuzlygynyň düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegem derwaýys meseledir. Şonuň üçinem bu babatda düşündiriş işlerini talaba laýyk ýola goýýarys.

Dürli derdiň dermany

Tapylgysyz hazyna

Bu ýazgymyz Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň Prezidenti, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher ýaly ýiti akyl hazynasyndan öz halkyna sowgat eden “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan kalbymyza ornap galan täsirler kökeni. Kitap on iki bölümden ybarat. Has dogrusy, parasatlylygyň genji-känli belentliginden gözbaş alyp gaýdýan köwser suwy ýaly on iki çeşmäniň birleşmeginden dörän tereň akaba. Bu akaba okyjynyň ruhy dünýäsini, pähim--paýhasa teşne kalbynyň sonar ýaýlasyny siňňitlilik bilen gandyrýar. Okap başlanyňdan soň, eliňden düşüresiň gelmeýän bu hikmetli eseri aňyrsyna göz ýetmeýän durmuş ummanyndaky hazynalar adasyna meňzedesim gelýär. Sebäbi, aňyrsy Oguz han nesilbaşymyzdan gaýdyp, ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, arkama-arka, nesilme-nesil timarlanyp, sünnälenip gelnen rowaýatlaryň we tymsallaryň, nakyllardyr atalar sözüniň bimöçber köplügi Gahryman Arkadagymyzyň ozaldanam gönezligi juda goýazy parasatly pikirlerini edil tylla ýüzüge göwher gaş goýlan ýaly edäýýär.

Abraýy arşa galýan diýarym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda uly işler alnyp barylýar. Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha arşa galýar. 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň eziz Watanymyzyň abraýyna abraý goşjak ýyllaryň biri boljakdygyna doly ynanýarys. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasat dünýä derejesinde barha giň goldawa eýe bolýar.