Arkadaga alkyş bolsun!

30 Mart 2021
677

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň şanly toýuna barýan günlerimizde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji taryhy saýlawlarynyň milli demokratik ýörelgeler esasynda üstünlikli geçirilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde bu babatdaky maglumatyň şeýle-de onda döwlet Baştutanymyzyň saýlawçylaryň 100 göterim sesini alandygy baradaky habaryň aýdylmagy halkymyzyň öz milli Lideriniň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň ýene bir ýola subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilen saýlawlara ýurdumyz boýunça jemi 48 adamyň gatnaşmagy, onda her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adamyň saýlanylmagy Türkmenistan döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalanýandygynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň nobatdaky taryhy dabaralanmasy boldy. Bu saýlawlar berkarar Watanymyzyň düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe barýandygyny bütin dünýä äşgär etdi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada aýdylan habar we getirilen maglumatlar munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Baýramsoltan MYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.