Abadanlyk özümize bagly

31 Mart 2021
692

Ähli ulgamlar babatda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş derejesi gün geldigiçe ýokarlanýar. Munuň özi adamlaryň maşgala durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir maşgala döwlet tarapyndan edilýän goldawy doly duýup ýaşaýar. Adamlaryň durmuş taýdan üpjünçiligi, saglygy we beýleki möhüm zerurlyklary barada şeýle aladalaryň edilmegi, maşgalalaryň has-da berkemegine, agzybirligine, rysgal-berekediniň artmagyna, baýamagyna getirýär. Elbetde, rysgalynyň artyp, eliniň uzadan ýerine ýetmegi esasynda ýurdumyzda her maşgalanyň diýen ýaly döwrebap, dürli görnüşli awtoulag edinmegine doly mümkinçilik döredýär. Ýöne durmuşda her bir zada üns bilen çemeleşilmelidigi ýaly, ulag dolandyrmak hem örän jogapkärli iş bolup durýar.

Hut şonuň üçin hem, wagtal-wagtal biziň agzybir, abadan, asuda maşgala durmuşymyza, biziň özümize maddy, fiziki, ahlak taýdan zyýan berip biläýjek ýol-ulag hadysalaryndan seresap bolmalydygy hakynda-da ýatlap geçmek zerurdyr. Şeýlelikde, ýol-ulag hadysalarynyň adama ýetirýän zyýanlary üç görnüşe bölünýär:

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany.