Dürli derdiň dermany

31 Mart 2021
647

Gahryman Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly kitaplary ruhy gymmatlyklarymyzyň baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň eserleri okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredip, olar watansöýüjiligi, ruhubelentligi, zähmetsöýerligi terbiýeleýär. Alym Arkadagymyzyň halkyň saglygyny goramakda aýratyn ähmiýetli kitaplarynam ýatlamak ýakymlydyr.

Şeýle kitaplaryň birem “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eseridir. Bu kitapda güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatynyň köpdürli dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin we ylmy nukdaýnazardan täsirli gürrüň berilýär. Üzärligiň köp derdiň dermanydygy dogrusyndaky hakykat hemmelere äşgärdir. Hormatly Prezidentimiziň bu ylmy-ensiklopedik eserinde üzärligiň dümewi, guragyryny, göz kesellerini we beýleki ençeme keselleri bejermekde netijeli derman serişdesi hökmünde ulanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Aýratynam, häzirki ýokanç keselleriň öňüni almakda, zyýansyzlandyryş serişdelerinden peýdalanmakda üzärligiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem bu dermanlyk ösümligiň zyýansyzlandyryjy häsiýetli tüssesinden peýdalanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa ýokanç keselleriň öňüni almakda gowy netijeleriň gazanylmagyna getirýär.