Alkyş — myrada ýetirýär

31 Mart 2021
739

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Marynyň ýolagçylary gatnadýan awtoulaglar kärhanasynda ýolagçylara edilýän hyzmat döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýar. Kärhananyň tejribeli sürüjileri, işine ezber ussalary awtobuslaryň saz we gurat işlemekleri barada yhlas edýärler. Arzyly kärinden bagt, rysgal-bereket tapýan sürüjiler Akmuhammet Gurbangeldiýew, Suwhan Illiýew, Oraz Annaýew, Guwanç Orazmuhammedow, Gurbanmyrat Garaýew, Allaberdi Hojanepesow, Dörtguly Kössekow, Meret Orammyýew, ata kesbini eýerip gelýän sürüjiler Kerim Gurbangeldiýew, Kaka Jumaberdiýew, Abdylesen Abdyesenow we beýlekileriň atlary zähmet çekýän kärhanasynda göreldeli sürüjiler hökmünde hormat bilen tutulýar. Bu ýerde uly ynam bilen, yhlasly işleýän sürüjileriň ýolagçy gatnadýan awtobuslarynyň saz we gurat işlemegini gazanýan, olaryň alkyşlaryna eýe bolýan ussalaryň biri hem Mukam Annasähedowdyr. Ol her bir sürüjiniň ýolagçy awtobusynyň saz we gurat işlemegi ugrunda yhlas edýär. Mukam halypasy Rahman Akyýewiň göreldesine eýerip, 12 ýyldan bäri bu ýerde işläp gelýär.

Häzirki wagtda ýolagçylary gatnadýan awtoulaglar kärhanasynda ata kesbini ýöredýän, işine ezber ýaş sürüjileriň hatarynda Kerim Gurbangeldiýewiň adyna kärhananyň ýolbaşçylary hem öwgüli sözleri aýtdylar. Kärhanada çärýek asyrdan gowrak wagtdan bäri işläp gelýän Akmuhammet Gurbangeldiýewiň ogly Kerime halypalyk edýändigini halypa sürüji Suwhan Illiýew ynam bilen aýtdy. Halypa-şägirt hereketi giň gerime eýe bolýan kärhanada halypalar şägirtlerine buýsanýarlar.