HABARLAR

Hemmämiziň borjumyz

Paýtagtymyz Aşgabadyň ösmegi, çäginiň giňelmegi, ilat sanynyň artmagy oňa bolan buýsanjy artdyrýar. Şol bir wagtda hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şolaryň iň esasylarynyň biri ýangyn döremek howpunyň öňüni alyş çäreleridir. Köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýangyn howpsuzlygy goragynyň ykjamlygy ýokary hilde bolup, onda awtomatik ýangyn duýduryjy, habar beriji ulgamy işleýär. Awtomatik ýangyn duýduryjy, habar beriji ulgamy işlän döwründe, awtomatik görnüşde liftleriň 1-nji gata düşmegine, onuň gapylarynyň açyk durmagyna hem-de liftiň ýöreýän ýolunyň boşlugy emeli usulda, wentilýatorlaryň kömegi bilen, howadan doldurylyp, içine tüssäniň girmezligi üpjün edilýär. Şeýle-de awtomatik habar berijiniň işlän ýerinde howa sorujylaryň gapaklary açylyp, emele gelen tüssäni özüne sorup, howa giňişligine çykarýar, daşarky ýangyna garşy suw ätiýaçlyk beketleriniň ýokary basyşly suw nasoslaryny herekete getirip, olaryň işini söweşjeň ýagdaýa taýýarlaýar.

Ýaşajyk zehinleriň bäsleşigi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. 3-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşige okuwçylaryň 14-si gatnaşdylar. Owadan güllerdir şarlar bilen bezelen sahnada kalby joşgunly çagalar, çagalar döredijilik toparlary gezekli-gezegine çykyş edip, ol ýeri alaýaza öwürdiler. Dürli saz gurallarynda ýerine ýetirilen şirin owazly sazlar, olara sazlaşykly goşulan aýdymlardyr döwrebap  tanslar bagtyýarlyk döwrümiziň belent ýaňy bolup, çäräniň şowhunyna şowhun goşdy.

Merdana ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olarda mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, Gumdag şäher medeniýet merkezinde şäher häkimliginiň 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde okaýan talyp oglanlaryň arasynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler ata-babalarymyzyň görkezen edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň, merdanalygynyň ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp kitaplarynyň ähmiýetini buýsanç bilen bellediler.

Sagat näçe bolduka?..

Uniwersitetde okan döwrümde oglanlaryň biri bilen has golaý gatnaşypdym. Ikimiz uzak ýyllaryň dowamynda jaňlaşyp, hal-ahwal soraşyp gelýäris. Ol bir gezek gürrüň arasynda: «Biz, dogrudanam, bary-ýogy 18-19 ýaşly oglan-gyzlar bolup, paýtagta okamaga bardykmykak? Tutuş bäş ýyly şol ýerde geçirdikmikäk? Birhili, ynanasyňam gelenok, süýji düýş ýaly bir zat» diýdi. Adam çaga mahaly wagtyň çalt geçip, özüniň basymrak ulularyň hataryna goşulmagyny isleýär; ulalanda bolsa, tersine, wagtyň juda çalt geçişine haýran galýar, aram-aram: «Heý, muny saklamagyň tär-usuly tapylmazmyka?» diýip, ýüregindäki hiç wagtda hasyl bolmajak arzuwy degişme äheňinde dile getirýär. Onuň üçin köp wakalar, ahwalatlar, ýaşlyk dostumyň aýdyşy ýaly, süýji düýş deýin bir zada öwrülýär.

Ynsanperwer ýörelgeden ugur alyp

Milli Liderimiz aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Bagtdan paýly çagalar

Her bir çaganyň erkin, asuda, parahat ýaşamagy, Watanymyza, mähriban halkymyza mynasyp adamlar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň geljegi üçin edýän haýyrly işleri sanardan has köp. Çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlap, üç dili bilmeklerini gazanmak, birinji synp okuwçylarynyň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, mekdeplerde dünýä ülňülerine kybap gelýän interaktiw usulda sapaklaryň berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil hakyndaky atalyk aladasynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde: «Biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris» diýip bellemegi buýsanjymyzy goşalandyrdy. Halallygy nusga edinen, haýyr işleri kalbynda besleýän Gahryman Arkadagymyzyň iň gowy adamkärçilik däplerine eýerip, ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasyny döredip bermegi Döwletliler köşgüniň çagalarynyň buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, elbetde, hemme adama birmeňzeş ykbal berilmeýär. Çaganyň durmuşynyň nähilidigine seretmezden, düýpli bilim berip, olaryň

Zeminiň zynaty

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň durmuşynda her bir taslama işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryndan ugur almagy talap edýän döwlet Baştutanymyz ak şäherimizi gür baglyga büremek, ähli köçeleriň ugurlaryny al-elwan güllere, dürli pürli agaçlara beslemek barada yzygiderli tagalla edýär. Geçen gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda döredilýän täsin seýilgähler, gök zolaklar, gür tokaýlar, umuman, tebigatyň baý, täsin dünýäsi biziň her birimizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Berkarar Diýarymyzda her ýylyň güýz hem bahar pasyllarynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ähli sebitlerimizde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem müňlerçe düýp pürli bag nahallary oturdylýar. Ynha şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasy esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gözel Diýarymyzda, şol sanda paýtagtymyzda agaç nahallarynyň 30 million düýbi oturdylar. Şunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde hem pürli we miweli agaçlaryň gür tokaýlarynyň döredilmegi miwe, ir-iýmiş, bal ýaly dermanlyk önümleri ýygnamagyň, guşlaryň, janly-jandarlaryň iýmitlenmeginiň goşmaça çeşmesi bo

Abadan ýaşaýşyň goragynda

Adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň uly baýlygy saýylýar. Şoňa görä, ynsan saglygyny we ömrüni goramak jemgyýetiň öňündäki ilkinji borç bolup durýar. «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem kepillendirilen bu goraglylyk milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýokary derejede amala aşyrylýar. Şundan ugur alnyp, welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda hem ynsan saglygynyň we ömrüniň goraglylygy babatynda ätiýaçlandyryş işleriniň birnäçe görnüşi amala aşyrylýar. «Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş kadalary» Türkmenistanyň çäginde giňden ulanylyp, bu kadalar Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we ýurdumyzyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Onda ýüze çykyp biljek betbagtçylykly hadysalar bilen bagly halatlar ätiýaçlandyrylýar. Olaryň arasynda tötänleýin zäherlenme, demikme, sanjymlardan soňky ters täsir, elektrik togy, zäherli mör-möjekleriň ýa-da ýylanyň çakmagy bilen şikes ýetmek, adam synalarynyň dürli bozulmalary ýaly halatlar görkezilýär. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda, ätiýaçlandyryşyň pul möçberi talaplaryň arasynda gelnen ylalaşygy esasynda

Ýaşaýşyň çeşmesi

Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli dabaralaryň, bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyp, onuň çäklerinde birnäçe dabaralar meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk, arassaçylyk hem-de ekologiýa ýagdaýy bilen bir hatarda, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Hormatly Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabat baýramçylyk lybasyna beslenýär. Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabadyň binagärlik keşbiniň gözelleşmegi, şäherde ýokary derejeli durmuş üpjünçiliginiň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeler, ýerine ýetirilýän işler ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bolsa Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýär. Mähriban halkymyzyň paýtagtymyzyň be

Okgunly ösýän ak şäher

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkymyz eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistan Watanymyz uly ösüşler bilen öňe barýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, her ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününiň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi ýurdumyz we halkymyz üçin indi asylly däbe öwrüldi. Aşgabadyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, şeýle hem ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejelerini belläp geçmezlik mümkin däl. Milli Liderimiz her hepdede geçirilýän iş maslahatlarynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada uly wezipeleri öňde goýýar. Aşgabadyň özboluşly täsin, göreni haýrana goýýan ajaýyp desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabady ösdürmek, dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça amala aşyrýan beýik işleriniň netijesidir.