Jemgyýetçilik guramalarynda

7 Aprel 2021
897

Golaýda Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň guramagynda ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň, orunbasarlarynyň, öňdebaryjy işjeňleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň alnyp barlyşy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan işler, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlar boýunça üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.