Ýaşaýşyň çeşmesi

7 Aprel 2021
924

Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli dabaralaryň, bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyp, onuň çäklerinde birnäçe dabaralar meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk, arassaçylyk hem-de ekologiýa ýagdaýy bilen bir hatarda, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Hormatly Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabat baýramçylyk lybasyna beslenýär. Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabadyň binagärlik keşbiniň gözelleşmegi, şäherde ýokary derejeli durmuş üpjünçiliginiň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeler, ýerine ýetirilýän işler ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bolsa Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýär. Mähriban halkymyzyň paýtagtymyzyň beýik ösüşlerine bolan buýsanjy artýar.

Meýlismyrat GURBANOW,
Aşgabat şäher häkimliginiň hünärmeni.