Çynlakaý alada ýerine düşýär

7 Aprel 2021
875

Köpasyrlyk geçmişi şan-şöhrata beslenip, geljegi abadan türkmen ili Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar ertiriniň binýadyny berkden tutýar. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, il-günümiziň ýaşaýyş--durmuş derejesi düýpli özgerýär. Il-günümiziň abadançylygyna, bolelinlikde ýaşamagyna, zähmet adamsy hakdaky alada gönükdirilen tagallalar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär.

Kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy guramasy işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly degerli işleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda kärhanamyzda bu meseleleriň oňyn çözgüdinde netijeli çäreler geçirildi we geçirilýär. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak hemişe derwaýys wezipe bolup durýar. Şonuň üçinem bu mesele babatda işgärleriň arasynda gözükdirmeler we düşündiriş çäreleri yzygiderli ýola goýulýar. Şeýle hem kärhanamyzda tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň gyşarnyksyz we berk berjaý edilmegini gazanmak wajyp wezipedir. Şeýle zerurlykdan ugur alyp, gürrüňi edilýän meseläni hemişe üns merkezinde saklaýarys. Şeýle hem kärdeşler arkalaşygy guramamyz işgärlerimizi ýörite egin-eşikler we aýakgaplar bilen üpjün edýär. Işgärlerimiziň howpsuz we öndürijilikli zähmet çekmekleri ugrunda yzygiderli aladalanýarys. Şeýle tagallalarymyzam ýerine düşýär.