Bagtdan paýly çagalar

7 Aprel 2021
764

Her bir çaganyň erkin, asuda, parahat ýaşamagy, Watanymyza, mähriban halkymyza mynasyp adamlar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň geljegi üçin edýän haýyrly işleri sanardan has köp.

Çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlap, üç dili bilmeklerini gazanmak, birinji synp okuwçylarynyň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, mekdeplerde dünýä ülňülerine kybap gelýän interaktiw usulda sapaklaryň berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil hakyndaky atalyk aladasynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde: «Biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris» diýip bellemegi buýsanjymyzy goşalandyrdy. Halallygy nusga edinen, haýyr işleri kalbynda besleýän Gahryman Arkadagymyzyň iň gowy adamkärçilik däplerine eýerip, ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasyny döredip bermegi Döwletliler köşgüniň çagalarynyň buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, elbetde, hemme adama birmeňzeş ykbal berilmeýär. Çaganyň durmuşynyň nähilidigine seretmezden, düýpli bilim berip, olaryň kalbynda ýer tutmaklyk hem buýsançly hemaýatlaryň biri hasaplanýar. Synan göwünlere teselli bermek, olary ruhy taýdan goldamak ynsanperwerlik ýörelgeleriniň gözbaşydyr.

Ogulbagt HOJALYÝEWA,
BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.