HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny bildirdiler we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

“Şeremetowo” halkara howa menzili “Türkmenistan” awiakompaniýasyny uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň biri diýip yglan etdi

Russiýanyň federal ähmiýetli Moskwa oblastynyň esasy 4 aeroportynyň biri “Şeremetowo” halkara howa menzili ýylyň jemini jemläp, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň sanawyny yglan etdi. Howa menzili bu sanawy uçuşlaryň öz wagtynda ýerine ýetirijilik we gatnaw ýygylygyna esaslanyp düzdi. “Türkmenistan” awiakompaniýasy “Şeremetowo” halkara howa menzilinde 300-den gowrak gonuş amalyny ýerine ýetirip, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly ikinji ýük awiakompaniýasy boldy. Birinji orunda “Air China Cargo” üçünji orunda hem “Uzbekistan Airways” awiakompaniýalary ýerleşdirildi.

Netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda» atly dabaraly maslahat geçirildi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, şol sanda ÝUNESKO kafedralarynyňdyr klublarynyň, şeýle hem bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen umumybilim berýän orta mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler taryhy we medeni mirasy, däp-dessurlary içgin öwrenmek, gorap saklamak, ýurdumyzda we halkara derejede wagyz etmek, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim, tehnologik we maglumat merkezleri, ylmy-barlag edaralarydyr ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ýerine ýetirilen işlere üns çekdiler. Bu guramanyň kafedralarynyňdyr klublarynyň wekilleri onuň şeýle ugurdaş birleşmeleri bilen bilelikde okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalary, monografiýalary we ylmy makalalary taýýarlamak, özara tejribe alyşmak, dürli ugurlar boýunça ylmy-gözleg işlerine ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, talyplaryň işjeň gatnaşmagy

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 21,6 göterim artdyrdy

Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,6 göterim ýokarlandy we 2,06 million tonna ýetdi. Umuman, 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 129,4 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça duşuşyk geçirildi

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ýygnagy geçirildi. Pudagara iş toparynyň gün tertibine «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek ýaly meseleler girizildi. Ýygnagyň dowamynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasy hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşige gelip gowşan teklipler boýunça çykyşlar edildi.

BSG-niň tejribe geňeşçisi Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

13-14-nji dekabrda BMGÖM-iň halkara bilermeni, Bütindünýä Söwda Guramasynyň tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkowyň paýtagtymyz Aşgabada iş sapary guraldy. Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr» taslamasynyň çäginde geçirildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda Maksim Medwedkow milli we halkara kanunçylygyny sazlaşdyrmagyň, BSG-niň şertnamalaryna laýyk gelmeginiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdy. Bu ýerde oba hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemek üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyny ulanmakda öňdebaryjy tejribe, ýaşyl ykdysadyýetdäki tendensiýalar, telekommunikasiýa, şeýle-de işewür toparlaryň gepleşiklere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda çekiljek demir ýoluň – Reşt-Astara geçelgesiniň gurluşygyna ýene bir ýarym aýdan başlanar. Bu barada Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Şahriýar Efendizade habar berdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar. Ýagny eýranly ýolbaşçy taslamanyň gurluşygyna 2024-nji ýylyň başynda, ýene bir ýarym aýdan badalga beriljekdigini aýtdy.

Russiýa we Özbegistan Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleri arkaly hyzmatdaşlyk etmekçi

Russiýanyň FESCO ulag kompaniýasy we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň çäginden Türkiýä uzaýan üstaşyr ulag geçelgelerinde bilelikde işleşmegiň şertlerini ylalaşdylar. FESCO-nyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, degişli ylalaşyk FESCO ulag toparynyň Direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Andreý Sewerilowyň we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanow hem-de Özbegistandaky “Özbegistan demir ýol konteýnerleri” paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Akmal Kamalow bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanyldy.

Ýolagçylara döwrebap hyzmatlar

Düýn Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy ýerine ýetirilip başlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilata edilýän dürli görnüşli, şol sanda uçarlar arkaly edilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak babatdaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Täze ýylyň öňüsyrasynda ýola goýlan bu gatnaw ýolagçylar üçin özboluşly sowgat boldy. Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy üçin hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak baradaky aladalary netijesinde satyn alnan iň kämil, döwrebap uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Has takygy, bu ugurdaky ilkinji uçuşy ýakynda paýtagtymyza getirilen «Boeing 777-300ER» kysymly uçar amala aşyrýar.