Russiýanyň federal ähmiýetli Moskwa oblastynyň esasy 4 aeroportynyň biri “Şeremetowo” halkara howa menzili ýylyň jemini jemläp, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň sanawyny yglan etdi. Howa menzili bu sanawy uçuşlaryň öz wagtynda ýerine ýetirijilik we gatnaw ýygylygyna esaslanyp düzdi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy “Şeremetowo” halkara howa menzilinde 300-den gowrak gonuş amalyny ýerine ýetirip, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly ikinji ýük awiakompaniýasy boldy. Birinji orunda “Air China Cargo” üçünji orunda hem “Uzbekistan Airways” awiakompaniýalary ýerleşdirildi.