Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny bildirdiler we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.