BSG-niň tejribe geňeşçisi Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

24 Dekabr 2023
906

13-14-nji dekabrda BMGÖM-iň halkara bilermeni, Bütindünýä Söwda Guramasynyň tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkowyň paýtagtymyz Aşgabada iş sapary guraldy. Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr» taslamasynyň çäginde geçirildi.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda Maksim Medwedkow milli we halkara kanunçylygyny sazlaşdyrmagyň, BSG-niň şertnamalaryna laýyk gelmeginiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdy. Bu ýerde oba hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemek üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyny ulanmakda öňdebaryjy tejribe, ýaşyl ykdysadyýetdäki tendensiýalar, telekommunikasiýa, şeýle-de işewür toparlaryň gepleşiklere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Aýgül UMMATYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.