Arkalaşygyň çägindäki tagallalara ygrarlylyk
18-nji dekabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, Arkalaşygyň çägindäki medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlenip, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan guramada Russiýanyň başlyklyk edip başlaýandygyny, bu döwürde sungatyň, ylym-bilimiň dürli ugurlarynda, şol sanda GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň çeşmelerinden peýdalanmak arkaly bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini ösdürmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.