HABARLAR

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine tarap möhüm ädim

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler 21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.

Ýürek sözi

Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan taryhy çözgüt Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bu gün tutuş dünýä ýüzi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň goşant goşýan ýurt hökmünde giňden tanaýar. Berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary sebit we yklym derejesinde ösüşiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň bu babatdaky öňe sürýän başlangyçlary bolsa diňe bir giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky durmuşa geçýändigi bilen hem örän buýsandyryjydyr. Muny üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleriniň taryhy wakalary bilen hem doly delillendirmek bolýar. Ýaňy-ýakynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan möhüm resminama — Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda buýsandyryjy waka öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň hem Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygyn

Dost-doganlyk däplerine eýerip

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işlere badalga berilmegi ähli halkymyzy guwandyrdy. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Malaý» gaz käninde gurlan, kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi, diňe bir ýurdumyzyň ösüşine oňaýly täsir etmän, eýsem, sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyndan gelip çykýan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine esaslanyp, ýurdumyzyň we umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi. Olar durnukly ösüşlere we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportuny artdyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumy

Ösüşiň täze menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem şowly ädimler bilen başlady. Uly halkara taslamalary durmuşa geçirilip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly goňşy ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň ýardam bermeginde gurlan Akina — Andhoý demir ýolunyň, kuwwaty 500 kilowolt bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýümli ulgamlaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýylyň başynda ösüşlere badalga beren möhüm waka boldy. Milli Liderimiz Lebap welaýatyna iş sapary mahaly «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň dabaraly açylyşyna-da gatnaşdy. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagynyň, desgalaryň işe girizilmeginiň aňyrsynda diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitleri bolman, eýsem, hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatdaky ynsanperwer maksatlary bar. Gündogarda giň ýaýran nakyllaryň birinde «Goňşyňda gül gögerse, ysy saňa ýeter» diýilýär.

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

«Dostluk» ― türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda taryhy waka

Mundan bir hepde çemesi ozal Owganystan bilen halkara taslamalaryň täze toplumyna badalga beren Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy baýdak edinen ýylyň ilkinji aýynda halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimi ätdi. Özi-de ýene bir goňşusy ― Azerbaýjan bilen. Ýakynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki goňşy döwletiň Hökümetleriniň arasynda Ähtnama gol çekilmegi taryhyň çuňluklaryndan geçip gelýän türkmen-azerbaýjan dostlugynyň döwrebap röwüşdäki dowamyna öwrüldi. Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji daşary ýurtly myhmanlarynyň biri boldy. Dostlukly döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul eden milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyr. Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde iki iri energetika döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boýunça köpýyllyk işler öz netijesini berdi. Hazaryň jümmüşindäki «Dostluk» ýatagy şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidi

Buýsançly pursatlaryň beýany

Ýakynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan hoşallyk maslahatyny geçirdik. Oňa «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň, «Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň, «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň we «Lebapgazüpjünçilik» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her gezekki saparynyň şanly wakalara beslenýändigini, ýakynda Lebap topragynda bolmagynyň hem ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan açylyşlara utgaşandygyny buýsanç bilen bellediler. Owganystanda işe girizilen demir ýol böleginiň, Kerkiden Şibirgana çenli çekilen elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň, «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň ulanylmaga tabşyrylmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Aýratyn hem Owganystandaky işe girizilen desgalaryň goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmäge, parahatçylygy üpjün etmäge uly itergi berjekdigi barada çykyşlarda bellenildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Häzirki wagtda ýurdumyz halkara geçelgeleriniň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Şolaryň birisi goňşy Owganystan döwleti bilen dostlukly hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam berýän Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýoludyr. Bu demir ýoluň ugrunda türkmen gurluşykçylary köprülerdir beketler, nebit önümlerini kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga niýetlenilen terminal ýaly möhüm gurluşyklary hem amala aşyrdylar. Milli hünärmenlerimiziň ýerine ýetiren işleri öz aýratynlyklary bilen haýran galdyrýar. Ýakynda bu ajaýyp desgalardyr binalarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tejribe okuwlaryny geçdiler. Geljekde ýurdumyzyň binagärçilik taýdan ösüşlerine goşant goşmak hyjuwy bilen joşýan ýaş talyplar iki günüň dowamynda bu ýerde bolup, binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny öwrendiler we gurluşyklaryň ýerine ýetiriliş usullary, olaryň biri-birine utgaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Ymamnazar demirýol menziliniň binasy olarda aýratyn ýakymly täsirleri galdyrdy.

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açdylar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalaryň ençemesine beslendi. Şol wakalaryň hatarynda golaýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň açylyş dabaralary bar. Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň döredijilik syýasatynyň aýdyň netijesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etmelidir.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şol sanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriň her biri, şeýle hem üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar halkymyzda buýsanç döredýär. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda iri taslamalaryň amala aşyrylmagy şeýle buýsançly we taryhy waka boldy. Munuň özi Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki—Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralardyr. Bu dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu iri taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklary gadymyýetden gözbaşly türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň senenamasyna täze sahypa ýazyldy.