Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

22 Ýanwar 2021
1683

Ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwer däplerine esaslanyp, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň gazanylmagy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan medeni-ynsanperwer maksatnamanyň çäklerinde yzygiderli ýardam edýär. Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna saglyk öýleri, hassahanalar, orta mekdepler, metjitler gurlup ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan ösmegine, türkmen we owgan halkarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän ýylymyzyň başynda goňşy döwletde energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat düzümlerini berkitmäge niýetlenen Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu giň möçberli taslamalar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder.

Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň Owganystana amatly bahadan eksport edilmegi goňşy döwletde durmuş şertleriniň gowulanmagyna goşant goşar. Täze elektrik geçiriji ulgam goňşy halkyň öýlerine nur çaýmak bilen bir hatarda, ýurtda durmuş maksatly täze desgalaryň gurulmagyna, önümçilik kärhanalarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. Netijede, täze iş orunlarynyň döremegi bilen halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanar. Bu bolsa goňşy ýurtda abadançylygyň we asuda durmuşyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

Jumadurdy ANNANUROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.