Häzirki wagtda ýurdumyz halkara geçelgeleriniň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Şolaryň birisi goňşy Owganystan döwleti bilen dostlukly hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam berýän Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýoludyr. Bu demir ýoluň ugrunda türkmen gurluşykçylary köprülerdir beketler, nebit önümlerini kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga niýetlenilen terminal ýaly möhüm gurluşyklary hem amala aşyrdylar. Milli hünärmenlerimiziň ýerine ýetiren işleri öz aýratynlyklary bilen haýran galdyrýar.
Ýakynda bu ajaýyp desgalardyr binalarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tejribe okuwlaryny geçdiler. Geljekde ýurdumyzyň binagärçilik taýdan ösüşlerine goşant goşmak hyjuwy bilen joşýan ýaş talyplar iki günüň dowamynda bu ýerde bolup, binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny öwrendiler we gurluşyklaryň ýerine ýetiriliş usullary, olaryň biri-birine utgaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Ymamnazar demirýol menziliniň binasy olarda aýratyn ýakymly täsirleri galdyrdy.