Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan taryhy çözgüt
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bu gün tutuş dünýä ýüzi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň goşant goşýan ýurt hökmünde giňden tanaýar. Berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary sebit we yklym derejesinde ösüşiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň bu babatdaky öňe sürýän başlangyçlary bolsa diňe bir giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky durmuşa geçýändigi bilen hem örän buýsandyryjydyr. Muny üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleriniň taryhy wakalary bilen hem doly delillendirmek bolýar. Ýaňy-ýakynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan möhüm resminama — Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda buýsandyryjy waka öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň hem Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýokary derejede ösýändigini doly alamatlandyrdy.