Ynsan bir zada begenende, şatlygyny paýlaşagan bolýar. Hakykatdan-da, şu günler güneşli Diýarymyzda ýaşaýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýurdumyzyň halkara abraýy babatdaky buýsançly söhbetleri «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralara syrygýar.