HABARLAR

BOMKA Merkezi Aziýanyň serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin seminar geçirdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda Taşkentde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan guralan serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin niýetlenen seminar-hakatona gatnaşdy. Bu barada Maksatnamanyň saýtynda habar berilýär. Ol Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunyň metbugat gulluklaryny birleşdiren ilkinji çäresi boldy. Seminar sebit derejesinde metbugat gulluklarynyň arasynda jemgyýetçilik aragatnaşyklary ulgamy boýunça öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin meýdança öwrülip, degişli pudaklaýyn edaralara öz aragatnaşyk strategiýalaryny we çemeleşmelerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Parahatçylyk — durnukly ösüşiň kepili

Dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli dialogyň, dürli formatlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz sebit hem ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Muňa diňe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan oktýabr aýynyň dowamynda bolup geçen wakalaryň mysalynda-da anyk göz ýetirmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, 11-nji oktýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum şanly ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan g

Halkara giňişlikde

Türkmen synçylary — Özbegistandaky saýlawlarda 27-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — ýurduň Oliý Majlisine saýlawlar geçirildi. Oňa synçy hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda iş saparynda boldy. Umuman, 50 döwletden müňden gowrak synçy saýlawlaryň geçişine gözegçilik etmäge çagyryldy. Synçylar Daşkent şäherindäki we sebitlerdäki saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermek işiniň barşyna gözegçiligi amala aşyrdylar.

Agzybirligiň, parahatçylygyň nurana ýoly

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary, XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, sammitiň mejlisinde beýan eden teklipleri Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan hoşniýetli daşary syýasy ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini ýene bir gezek dabaralandyrýan şanly wakalar boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu iş saparynyň many-mazmuny ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlyga, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan, täze gözýetimleri açýan, aýdyň geljegi kepillendirýän başlangyçlara, birek-birege sarpanyň, ynamly garaýşyň binýadynda gurulýan hoşniýetli ýörelgelere, özara bähbitli ykdysady-söwda baglanyşyklara daýanýan syýasatyny ýene bir gezek dabaralandyrdy. Şeýle gatnaşyklar türkmen halkynyň durmuş pelsepesiniň düýp özenini düzýän dostluk, arkalaşyk, goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk däp-dessurlaryna ynamly garaýşyň wagtyň mizanynda pugtalanýandygyny ýene bir gezek tassyklap, ýurdumyzyň döwrüň öňe çykarýan täze şertlerinde, ýagdaýlarynda hut şu gymmatlyklaryndan ugur alýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şu gezekki iş sapary özboluşly ähmiýete eýedir. Halkara bileleşiginiň deňhukukly agzalary hökmünde el-ele, egin-egne berip, uzak geljege gönükdirilen täze hyzmatdaşlykl

BMG — Türkmenistan: hyzmatdaşlygyň netijeli ugry

Halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyz dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Halkara derejesinde bähbitleriň utgaşmagyny özünde jemleýän ösüş arkaly parahatçylyk taglymaty halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. 24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň Kazan şäherine iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagy, ony guramanyň güni bilen gutlamagy uly mertebedir. Bu duşuşyk baky Bitarap Watanymyz bilen iri halkara guramanyň arasyndaky däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm mümkinçilik boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirmegi özara hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň barha düýpli häsiýete eýe bolýandygy bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Nesip bolsa, geljek ýyl birnäçe şanly wakalar, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG

Nebit-gaza baý mekan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda halkara derejedäki forumlaryň, taryhy ähmiýetli çäreleriň üstünlikli geçirilmegi ulus-ilimiziň buýsançly kalbyny joşa getirýär. Şanly ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahaty we sergisi hem ähmiýetli çäreleriň hatarynda agzalmaga mynasyp. Ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmakda, özara tejribeleri paýlaşmakda ähmiýetli bolan foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan işewür toparlaryň, köp sanly daşary ýurtly kompaniýalaryň gatnaşmagy diýseň guwandyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy ene

Beýik akyldara belent sarpa

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän ýylynda türkmen topragynda tutulýan toýlaryň dabarasy dag aşýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolan, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, diplomatlaryň, medeniýet we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda paýtagt şäherimizde ýokary derejede geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu hakykaty ýene bir ýola subut etdi. Forumyň çäklerinde daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna döredilen ýubileý medalyna mynasyp bolmagy, döwlet ýolbaşçylarynyň geçiren gepleşikleri, gazanylan ylalaşyklar, medeni çäreler akyldar şahyryň arzuwlan ajap eýýamynda berkarar ýurdumyzyň halklary dost-doganlyga, parahatçylyga, ynsanperwerlige we agzybirlige çagyrýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň beýany bolup ş

Möhüm ugurlara eýerip

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda uniwersitetimiz dünýä döwletleriniň nebit we gaz pudagyna degişli ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalary, korporasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Eziz Diýarymyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny goramak wezipesi bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Ýurdumyz ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär, gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklar özleşdirilende we ulanylanda daşky gurşawy goramaga hem uly üns berilýär. Ýurdumyz öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýup, energiýa çeşmeleriniň dünýä bazaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrýar.

Parahatçylyk ― belent bagt

Ýer ýüzüniň iň abraýly halkara guramasynyň ― BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenilen ýene bir Kararnamany tassyklamagy ählimiziň göwün guşumyzy asmana göterdi. Hökümetiň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa ― parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza döwletleriň 37-si tarapyndan giň goldaw tapan bu başlangyç ýürekleriň bireýýäm ykrar eden hakykatyny resmi taýdan tassyklady. Şübhesiz, Merkezi Aziýa bu gün diňe bir yklymyň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň iň asuda sebitleriniň biri. Mälim bolşy ýaly, sebitimiz mundan iki ýyl ozal hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn Kararnamasy esasynda 2022-nji ýylda parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilipdi. Bu hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýän Türkmenistan indi 14 ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini özünde saklaýar.

Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň ulag we logistika forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. «Grand Hyatt Abu-Dabi Pearl» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu foruma Türkmenistanyň baýlyk bazasynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler barada pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşar. Iki günläp dowam etjek forum aýratyn ugurlar boýunça bölümlere bölünip geçiriler. Energetika, himiýa senagaty, ulag we logistika, gurluşyk hem-de önümçilik ýaly möhüm taslamalar gözden geçiriljek forum maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlary öz içine alar.