Bu hakykat nobatdaky nebitgaz forumynyň mysalynda-da aýdyň açyldy
Tebigy gazyň kesgitlenen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynda iri eksport ediji döwlet hasaplanýar. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň hem binýatlaýyn pudagy bolup, häzirki wagtda diňe bir uglewodorod serişdelerini gazyp almaga we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga däl, eýsem, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ösdürmäge-de uly üns berilýär. Ine, hut şu meseleler hem paýtagtymyzda üç günläp dowam eden «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň gün tertibiniň esasy özenini düzdi. Forum bilen ugurdaşlykda guralan sergide bolsa ýerli we daşary ýurt kompaniýalary iň täze gazananlarynydyr mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi. Diýarymyzda indi 29-njy gezek geçirilen bu wekilçilikli çäre döwlet düzümleriniň, öňdebaryjy kompaniýalaryňdyr bilermenleriň dünýäniň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz bazaryndaky ýagdaýlary baradaky synlaryndan, pikir-garaýyşlaryndan, çaklamalarydyr täze tekliplerinden içgin habarly bolmak üçin örän netijeli meýdança öwrüldi. Umumy mejlisi, mowzuklaýyn mejlisleriň 6-syny, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň onlarçasyny öz içine alan forumyň çäginde meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir ýola äşgär edýär.