Beýik akyldara belent sarpa

29 Oktýabr 2024
318

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän ýylynda türkmen topragynda tutulýan toýlaryň dabarasy dag aşýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolan, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, diplomatlaryň, medeniýet we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda paýtagt şäherimizde ýokary derejede geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu hakykaty ýene bir ýola subut etdi.

Forumyň çäklerinde daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna döredilen ýubileý medalyna mynasyp bolmagy, döwlet ýolbaşçylarynyň geçiren gepleşikleri, gazanylan ylalaşyklar, medeni çäreler akyldar şahyryň arzuwlan ajap eýýamynda berkarar ýurdumyzyň halklary dost-doganlyga, parahatçylyga, ynsanperwerlige we agzybirlige çagyrýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň beýany bolup şöhlelendi.

Satlykmämmet KIÇIKHANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.