Netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

28 Oktýabr 2024
244

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Dünýäniň ykdysady durnuklylygyna we adamzadyň parahat ýaşamagyna, milli ykdysadyýetleriň has-da pugtalanmagynda nebitgaz senagatynyň ösüşi uly ähmiýete eýe bolýar.

Nebitgaz senagatynyň giň gerimler bilen ösdürilmegi we halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin döwlet derejesinde birnäçe işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwletimiz tebigy baýlyklary bilen dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny düýpgöter özgertmek maksady bilen pudaga döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemelidir.

Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.