Kazan şäherinde türkmen talyplary bilen duşuşyk

29 Oktýabr 2024
330

24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar. Duşuşyk oňa gatnaşyjylaryň kalbyny ganatlandyryp, deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrýan, halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nyşany boldy.

Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan ýaşlar bilen duşuşykda bilim ulgamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşi we onuň miweleri söhbetdeşligiň esasy ugurlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, 2008-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrlikleriniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk baglaşyldy. 2009-njy ýylda bolsa ýurdumyzyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda bilim resminamalaryny özara ykrar etmek hakynda Ylalaşyk gazanylyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berildi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».