HABARLAR

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Türkmenabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Brýusseldäki duşuşyk

bilelikdäki tagallalara ygrarlylygy tassyklady Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bu guramanyň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitarap döwletimiziň ýoly — dostluk, doganlyk ýoly

Her bir halkyň bagtyýarlygy raýatlaryň bagtynyň jeminden hasyl bolýar. Sebitiň abadançylygy hem onda ýerleşen her bir döwletiň gülläp ösüşinden kemala gelýär. Bitarap Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mynasyp goşulyşmagy üçin ulag-kommunikasiýa, logistika taslamalaryny amala aşyrmak boýunça başyny başlan işleri-de şu asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir. Pederlerimiziň «Ýodalar ýola elter, ýollar — ile» diýen parasatly sözleri bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli ilerledilýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň mysalynda aýdyň açylýar. Şoňa görä, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan aýratyn orun aldy. Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit we halkara ähmiýetli başlangyçlary

Netijeli gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisiniň çäklerinde işewürlik duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen duşuşykda türkmen tarapyna degişli ministrlikleriň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, özbek tarapyna hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri wekilçilik etdi. «Tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşmalarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar öz mümkinçilikleri barada gürrüň berip, özara gatnaşyklary ilerletmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Myhmanlara söz berýäris

Düýn Türkmenabat şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi iki ýurduň işewürleri üçin hem täze mümkinçilikleriň meýdançasyna öwrüldi. Biz bu çärelere gatnaşyp, özbegistanly myhmanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Dilşod RASULOW,Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary:

Medeni-ruhy gymmatlyklara daýanyp

Bahodir AHMEDOW,Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary: — Özbek hem türkmen halklary owaldan ýakyn dost, gadyrly goňşy, strategik hyzmatdaşlar hökmünde aýdyň maksatlar ugrunda agzybirlikde ýaşaýarlar. Bu bolsa döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleriniň uzak geçmişden gözbaş alýandygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Görküňize dünýä haýran

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşyjy myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldiler. Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwürde gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, beýik özgertmeleriniň we parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolan ganatly ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlyga eýe bolup, ol halkymyzyň wepaly dostudyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we bu ýerde idedilýän behişdi bedewler bilen ýakyndan tanşan myhmanlar bular dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

«Sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň we dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hasaplaýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda badalga beren beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilen Bitarap Watanymyzda sport halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol bir wagtda hem sportuň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hökmündäki orny hem barha uly ähmiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda türkmen sportunyň ösüşiň täze basgançaklaryna çykyp, ýurdumyzyň iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigi ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar. Dürli ýyllarda geçirilen ýaryşlarda milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende götermekleri bolsa aýratyn guwandyryjydyr. Şol ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagy netijesinde hem ýurdumyzyň halkara s

Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzyň at-abraýy Ýer ýüzünde barha belent derejelere göterilýär. Şunda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk ýörelgelerini, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek işleri döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Öňňin Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Birnäçe günläp dowam edýän bu medeni çäre ýokary ruhubelentlige beslenýär. Munuň özi bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen telekeçileri Pekinde geçiriljek iri awtoulag sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 21–24-nji fewralynda Pekin şäherinde geçiriljek täze energetika ulag serişdeleriniň halkara tehnologiýa sergisine (CINEVE-2025) gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB şenbe güni habar berdi. Sergä gatnaşmaga isleg bildirýänlere “YASN International” kompaniýasynyň “Going Global Plan” taslamasynyň guraýjylary tarapyndan çakylyklar iberildi. Bu çäre Hytaýyň öňdebaryjy pudaklaýyn birleşikleri bolan Hytaý awtoulag öndürijiler birleşigi (CAAM) we Hytaý inženerçilik maşyngurluşyk birleşigi (CAPE) bilen hyzmatdaşlykda guralýar.