Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ata Watanymyz beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her güni gülläp ösüşlere beslenýär, zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa has-da ýokarlanýar.
Ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti emele geldi. Döwletimiz häzirki zamanyň meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşýär, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny işjeň gözleýär. Gülläp ösüşler arkaly parahatçylyk ýörelgesi bolsa içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi. Bu gün döwletimiz halkara ähmiýetli taslamalary, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýändigi bilen bütin dünýäde tanalýar. Munuň şeýledigine ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen BRICS sammiti hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň sammitdäki çykyşy we onda öňe süren oňyn teklipleri, asylly başlangyçlary Türkmenistanyň häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine doly derejede peýdalanýan özygtyýarly döwletdigini ýene-de bütin aýdyňlygy bilen halkara jemgyýetçiligine äşgär etdi. Halkara Bitaraplyk gününiň ýakynlaşyp gelýän günlerinde ýaşlaryň arasynda geçirýän çärelerimizde bular barada giňişleýin düşündirýäris. BMG-niň Baş Assambleýasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň hem Türkmenistana degişlidigi ýaşlarymyzyň hemişelik Bitarap döwletimize bolan buýsanjyna buýsanç goşýar.