Düýn Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen mejlise gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň Energetika müdirliginiň başlygy Ç.Szýanhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Mejlisde birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, dostlukly gatnaşyklara daýanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda energetika boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Energetika, hususan-da, gaz pudagyndaky özara hereketler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirip, ony geljekde has-da ösdürmegiň iki tarap üçin hem wajypdygy nygtaldy.