Ýakynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň Işewürlik we söwda edarasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça eksport direktory hanym Sara Elizabet Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda söwda we maýa goýum ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşine baha bermäge şert döredýändigi, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäginde maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylýandygy nygtaldy.