HABARLAR

Üstünliklere binýat

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, eziz Diýarymyz çalt depginde ösýär, özgerýär, ýurdumyzyň şan-şöhraty barha arşa göterilýär. Ildeşlerimiziň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň innowasion ugur boýunça durnukly ösüşini gazanmak, bazar gatnaşyklaryna geçmek, sanlylaşdyrmak işini giňeltmek babatda alnyp barylýan işler Watanymyzyň rowaçly ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda örän ähmiýetli resminamalara, şol sanda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny, Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny, Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Kara

Bagtyýarlyk ganat berýär kalplara

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ähli ugurlar babatda beýik ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan Watanymyzyň şeýle beýik hem dowamly ösüşlerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasydyr, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe etdi. Bu sene adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan demokratik döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň durmuşynda täze eýýamy açdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Zemin içre abraýyny arşa göterdi.

Göreldeli etrap

12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekmegi ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň bagtyýar ýaşaýjylaryny has-da buýsandyrdy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýörite topar bu bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemekde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilý

Watan waspy dilde sena

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizde ähli babatda uly ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ykdysadyýetimiz we ylym-bilim ulgamy has-da ösdürilýär, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek babatda beýik işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda 30 ýyllyk şanly toýy uludan toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ylym-bilimi ösdürmek we bu ulgamy täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hünärmenleri ýetişdirmek üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle işler türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.

Döwlet dolandyryş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär

11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Belent sepgitleri nazarlap

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatlarynyň geçirilendigini aýtdy. Şol maslahatlarda geçen ýylda edilen işleriň netijeleri düýpli we jikme-jik seljerildi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça guramaçylyk çäreleri bellenildi.

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de döwrebap talaplara laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka, ýagny, Milli parlamentimiziň iki palataly ulgama geçilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri ählumumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, saýlaw toparlarynyň, welaýat hem-de Aşgabat şäher Halk Maslahatlarynyň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Arkadaga alkyşlar sena bolup ýaňlandy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly hem öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän her bir döwletli tutum halkyň ykbalyna, ýurduň mertebe beýikligine düýpli täsiri bilen has gymmatly mana eýe bolýar. Ol häzirki wagtda daş-töweregimizi gurşap alan döwrebap özgertmeleriň, hil taýdan täze ösüşleriň, bagtyýar ýaşaýyş gurşawynyň emele gelendiginiň, adamlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanýandygynyň mysalynda has aýdyň duýulýar. Bu hakykat telwasly köňülleriň her birinde halal zähmet çekmek, döretmek, gurmak ýaly maksatly işleriň ynamyny berkidýär. Häzirki wagtda mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň töweregine jebisleşip, özgertmeler eýýamynyň «Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak, beýik işlere beslemek maksadynda ynamly öňe barýar. Şeýle belent ynam welaýatymyzyň zähmetkeş halkyna mahsuslygy bilen hem tapawutlanýar. Bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz her ädimde, her pursatda şeýle döwranly döwri peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden joşup çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Rahat ertirimiziň şuglasy

Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary jemgyýetimizde rowaçlanýan öňegidişliklere, taryhy wakalara mynasyp atlar bilen gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda üstümizdäki ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilikli, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýörelgelerini äşgär edýär. Bu ýörelge Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginiň ugrudyr. 2021-nji ýylyň ilkinji aýlarynda gazanylýan üstünlikler Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynyň dabaralanjakdygyna güwä geçýär. TAP-nyň etrap komitetiniň işgärleri işjeň agzalarymyzyň kömek-goldawyna daýanyp, şanly ýylymyzda etrabymyz boýunça oba hojalyk ekinlerinden bol hasylyň alynmagyna gönükdirilen işlere ýakyndan ýardam berýärler. Ýaz ekişiniň golaý gelýän günlerinde daýhanlaryň aladasy artýar. Şonuň üçinem biz daýhanlary öňde durýan möhüm wezipelere jemlemek maksady bilen wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Öňdebaryjy kärendeçileriň höweslendirilmegem işleriň öňe gitmegine ýardam edýär.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Meredow Myratgeldi Resulowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Parahat Orazmuhamedowiç Orazow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. * * *Türkm