Göreldeli etrap

14 Fewral 2021
1121

12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekmegi ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň bagtyýar ýaşaýjylaryny has-da buýsandyrdy.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýörite topar bu bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemekde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.