Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

11 Fewral 2021
1111

Aganepes OMAROW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap kazyýetiniň kazysy:

— Ýakynda hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşmagynyň barşynda, harby gullukçylar we işgärler üçin lybaslaryň täze nusgalarynyň görkezilmegi biz, Watan goragçylary üçin aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyzyň her bir wekiliniň, şol sanda merdana Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy babatda edýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

«Adalat».