Eziz Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly sene

12 Fewral 2021
1047

Şu gün — türkmen döwletiniň we halkynyň durmuşynda şanly sene. Ol ýurdumyzyň täze taryhynda aýratyn orun eýeleýär: bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlygyna saýlanan günüdir.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda halkymyz möhüm çözgüt kabul edip hem-de konstitusion hukugyndan peýdalanyp, öz erk-islegini beýan etmek bilen, döwlet Baştutanyny saýlady. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolsa biz geljegimiziň öňünde jogapkärçilik bilen şol saýlawa wepalydygymyzy tassyklamak bilen, öz seslerimizi milli Liderimize berdik hem-de geljek 7 ýyla Prezidentiň wezipesini uly hormat bilen ynandyk.

(TDH).