Watan waspy dilde sena

12 Fewral 2021
1071

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizde ähli babatda uly ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ykdysadyýetimiz we ylym-bilim ulgamy has-da ösdürilýär, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek babatda beýik işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda 30 ýyllyk şanly toýy uludan toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar.

Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ylym-bilimi ösdürmek we bu ulgamy täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hünärmenleri ýetişdirmek üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle işler türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.

Ýunus ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.