Durnukly ösüşiň ugry bilen

12 Fewral 2021
975

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ata Watanymyz köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we berkidilmegine giň ýol açýar. Sebit we goňşy ýurtlaryň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmakda ýeterli tejribe toplan Türkmenistan indi has alysdaky döwletler bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýylyň-ýylyna barha ösdürýär. Dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy-da hoşniýetli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine şert döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksada okgunly we üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň senagatynyň ösdürilmegine-de özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň güýçlenmegine, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň ýola goýulmagyna giň şert döredýär. Sanlyja ýylyň içinde dünýä bazarynda geçginli we ýokary hilli önümleri bilen ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistanda bu depgini gowşatmazlyk maksady bilen uzakmöhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi we meýilnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy aýratyn bellärliklidir. Muňa mysal edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 ― 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 ― 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny» görkezmek bolar. Bu milli we pudaklaýyn maksatnamalar ýurdumyzyň durnukly ösüş babatdaky eýerýän ugurlaryny kesgitlemek bilen, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň, maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.

Nurjemal TAGANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.