Milli oýunlar – terbiýe mekdebi
«Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Elbetde, şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda milli mirasymyz, şol sanda onuň aýrylmaz bölegi bolan milli oýunlarymyz hem uly ähmiýete eýedir. Paýhasly pederlerimiz müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhymyzyň dowamynda sagdyn nesilleri kemala getirmek, olaryň ilhalar, giň gözýetimli, ýokary aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin uly alada edipdirler. Muňa asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen milli oýunlarymyza nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şol oýunlaryň ählisiniň diýen ýaly gözbaşynda çagalary edep-terbiýeli edip ýetişdirmek bilen birlikde, olarda sagdyn, berk bedenli, gaýduwsyz, hüşgär bolmak ýaly häsiýetleri kemala getirmek baradaky maksat durýandyr. Olardan «Çeke-çeke», «Aýterek-Günterek», «Gizlenpeçek», «Akja süňk», aşyk, bäşdaş, düzzüm, ýaglyga towusmak, sadranç ýal