Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisinde hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, oba hojalyk pudagynda hem ösüş depgininiň 5,3 göterim artandygy bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, edermen daýhanlarymyzyň özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekendiklerini aňladýar. Daýhan zähmetiniň miwesi, ajaýyp güýz paslynyň bolluk bilen eçilen berekedi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilen Hasyl toýunda hem giň beýanyny tapdy.
Halkymyzda güýz pasly, köplenç, “altyn güýz”, “bereketli güýz”, “hasylly güýz” ýaly, manysy goýazy jümleler bilen aňladylýar. “Türkmen güýzi” diýlende, göz öňüňde hasyl bolçulygy, rysgal-bereket janlanýar. Miwesinde baly süýjäp, harmanynda “ak altynyň” dagy dörän, gujagynda zähmet joşup, rehnet çogýan güýz paslyna babadaýhanlarymyz “jüýje sanaşylýan döwür” hem diýýärler. Bu pasyl arly ýyllap çekilen zähmetiň netijesinde ýetişdirilen bol hasylyň ak bazarlarymyza, her öýe, her ojaga rehnet bolup dolýan döwri.