Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde nah, ýüpek matalary dokamakda, çig ýüpek öndürmekde işler ýokary depginde alnyp barylýar.
Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda çig ýüpegiň 75 tonnasy, nah matalaryň 6 müň 530 boý metri, ýüpek matalaryň hem 41 müň boý metri taýýarlanyldy. Şeýle-de degişli döwürde ýüpek halylaryň 47 inedördül metri dokaldy. Edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 95 million 22 müň manatlyga deň boldy.