Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nusgalyk obalar, şäherçedir şäherler gurulýar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurlan Arkadag şäheri bu babatda buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.
Arkadag şäheri tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegi, ylmyň iň täze gazananlaryndan peýdalanylmagy üçin ýaşaýşyň täze garaýşyny özünde jemleýär. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi diňe ýurdumyzyň taryhynda däl, eýsem, dünýäniň şähergurluşygynda-da möhüm ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesine eýe bolan täze şäheriň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ýerli binagärlerimiz tarapyndan guruldy. Döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklere we kuwwata eýedigini tassyklaýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň we onuň sanly gurşawynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary üçin öz nazary bilimlerini, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmakda özboluşly mekdep boldy.